12-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2021-nji ýyldan bäri TDG-de synçynyň derejesine eýedir. Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji edarasy bolup durýan Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi TDG bilen köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Bu Gurama agza ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Şol däpler bolsa häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Mejlisiň dowamynda aksakgallar özara gyzyklanma bildirilýän has möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. Ýaşulular ylmy hyzmatdaşlygy, akademiki barlaglary ösdürmek hem-de bilelikdäki halkara maslahatlaryny geçirmek arkaly türki dünýäniň taryhyny mundan beýläk-de wagyz etmäge aýratyn üns berdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi hakynda Beýanat kabul edildi.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Aşgabatda geçirilen TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisi umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary we netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant boldy.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»