«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky Şahsy taraplar üçin «Interet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryny hödürleýär.
«Internet bank» hyzmatyny birikdirmek hem-de «Mobil-bank» programma üpjünçiligini ykjam enjamlaryňyza gurnamak arkaly banka barmazdan, sanly ulgam arkaly aşakdaky hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz:
- öz hasaplaryňyzy özbaşdak dolandyrmak;
- bankyň, şeýle hem beýleki banklaryň müşderileri bolan şahsy taraplaryň bank kartlaryna hem-de hasaplaryna pul serişdelerini geçirmek;
- adatça köp ulanylýan töleg tabşyryklarynyň nusgalaryny almak hem-de şol nusgalaryn esasynda taze töleg tabşyryklaryny döretmek;
- müşderiniň öz hasaplary boýunça galyndylaryny we hereketlerini görmek we çap etmek;
- karzlar we goýumlar boýunça maglumatlary görmek we olary dolandyrmak;
- bank tarapyndan iberilýän maglumatlary almak, bank bilen habarlaşmak we sorag-jogap alyşmak;
- daşary ýurt pullarynyň hümmetini görmek.
Hyzmatlary birikdirmek üçin “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasyna ýa-da welaýat şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
96-46-74, 96-46-86
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky “Şowly söwda” ygrarlyk maksatnamasyny işe girizdi. Bu Maksatnamanyň çäklerinde Maestro kartlaryny ulanyjylara maksatnama birigen hyzmatdaşlarynyň söwda we hyzmat nokatlaryndaky POS terminallarynda söwda edenlerinde söwdanyň 3 göterimi bank tarapyndan 3 göterimi söwda-hyzmat ediji hyzmatdaş tarapyndan tölenip, jemi 6 göterim “cash back” sylagy hökmünde kart saklaýjynyň hasabyna yzyna gaýtarylyp berilýär.
Häzirki wagtda bu maksatnama bankyň iri müşderileri bolan “Halk Market”, “Şerbet Market” hem-de “Milli Market” söwda nokatlary birikdiler.
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky öz müşderilerini “Şowly söwda” ygrarlyk maksatnamasyna birikmäge çagyrýar.
Hormatly raýatlar!
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky bellenilen tertipde bölünip berlen mellek ýerleri, kömekçi hojalygy we ýaýlagyndaky ýer bölegi bar bolan şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan çig mallary öndürmek maksatly mikro karzlaryň berilýändigini habar berýär.
Karzlar 30 müň manada çenli möçberde, 3 ýyla çenli, ýyllyk 10 göterim derejeli hem-de esasy bergini üzmek üçin 6 aýa çenli ýeňillik döwürli berilýar.
Karzyň üpjünçiligine üçünji taraplarynyň zamunçylygy ýa-da girew emlägi kabul edilýär.
Karz nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin bank kartlaryna ýa-da karz hasabyndan tölegleri gönümel geçirmek arkaly berilýar.
Karz boýunça giňişleýin maglumat almak üçin hem-de karzy resmileşdirmek üçin Bankyň baş edarasyna we welaýat şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Hormatly raýatlar!
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň çäginde ýokary okuw jaýlarynda we orta hünär mekdeplerinde okaýan talyplaryň okuw töleglerini tölemek üçin, talybyň ýakyn garyndaşlaryna “talyp karzynyň” berilýändigi barada habar berýär.
Karz talybyň ýyllyk okuw töleginiň möçberinde, 5 ýyla çenli möhletli dikeldilýän karz ugruny açmak, her ýylyň tölegini on iki aýa deň paýlanan möçberde gaýtarmak şerti bilen, ýyllyk 5 göterimli berilýär.
Karzyň üpjünçiligi hökmünde üçünji tarapyň zamunçylygy kabul edilýär.
Karz boýunça giňişleýin maglumat almak üçin hem-de karzy resmileşdirmek üçin Bankyň baş edarasyna we welaýat şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 4-inden başlap müşderilerine daşary ýurt pulundaky töleglerini “Internet banking” üsti bilen geçirmäge mümkinçilik döredilendigi barada Size habar berýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz:
96-46-24, 96-46-71, 96-46-74
Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan “Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň” tertibiniň 14 bölümine üýtgeşmeler girizildi. Girizilen üýtgeşmeler diňe milli manatdaky amallar bilen baglanyşyklydyr.
Üýtgeşmelelere laýyklykda:
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 96-46-96