Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi saýtynda auksiona çykarylan döwlet eýeçiligindäki obýektleri onlaýn görnüşinde satyn almak mümkinçiligi ýola goýlar. 

Auksiona gatnaşmak üçin zerur bolan ähli salgyt resminamalaryny ministrligiň bu resmi saýtynyň «Elektron salgyt» bölüminde düzedip bolar. Munuň özi salgyt gullugyna barmak zerurlygyny aradan aýyrýar. 

Üýtgeşmeler girizilen bu portalda ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalaryny hasaba alýan bölüm döredildi. Şeýle hem bu ýerde bäsleşiklere onlaýn görnüşinde gatnaşmak mümkinçiligi bardyr.