Türkmen milli saz guraly dutar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy we bu hakynda güwänama paýtagtymyza gelip gowuşdy. 

Türkmen dutarynyň degişli sanawa goşulmagy halkymyzyň bu saz guralynyň umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilendigini tassyklaýar. Dutar uzak asyrlaryň dowamynda köptaraplaýyn we gaýtalanmajak häsiýete eýe bolan türkmen aýdym-saz medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat etdi. Ol häzir hem şeýle bolmagynda galýar. 

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyň reprezentatiw sanawyna, adatça, umumadamzat gymmatlygy bolan halk döredijiliginiň görnüşleri, däp-dessurlar hasaba alynýar. 

Dutaryň bu halkara guramasynyň reprezentatiw sanawyna goşulmagy mynasybetli paýtagtymyzda dabaraly çäreler — maslahatlar, mowzuklaýyn sergiler, halk artistleriniň çykyşlary, şeýle hem «Çalsana, bagşy» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy. Türkmen dutarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bilen tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlady.