14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.

Jenap Endo Toşiaki wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz myhmanlary mübärekläp hem-de olary myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge şatdygyny belläp, Ýaponiýanyň wekilleriniň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara hereketleriň oňyn häsiýete eýedigini belledi. Bu ulgamda eýýäm köp işler edildi we häzir hem dowam etdirilýär.

Milli Liderimiz Ýaponiýanyň Imperatoryna we Premýer-ministrine mähirli salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Ýaponiýa bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berdi. Gahryman Arkadagymyz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldaýandygy üçin Ýaponiýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Geljek ýylda bu şygar bilen birnäçe duşuşyklar geçiriler diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we dostlukly ýurduň wekillerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň ýurdumyzda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşygyň giňden bellenilýän ýubileý senäniň, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetine üns çekildi.

Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy mähirli kabul edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny bildirip, 2022-nji ýylda Ýaponiýada türkmen halkynyň Milli Lideri bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Myhmanyň nygtaýşy ýaly, onuň Türkmenistanyň Prezidenti bilen şu günki duşuşygynyň dowamynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Pursatdan peýdalanyp, jenap Endo Toşiaki hormatly Arkadagymyzy geljek ýyl Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine baryp görmäge çagyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň goşýan saldamly goşandyny belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň bitiren hyzmatlaryny nygtady. Munuň özi Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň ýurdumyzda alyp barýan netijeli işlerinde öz beýanyny tapýar.

Ýaponiýanyň iri kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli işläp gelýärler. Şunda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody gurmak boýunça bilelikdäki taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi muňa aýdyň mysal hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, myhman bu döwrebap kärhanada öndürilýän ýokary hilli, ekologik ölçeglere laýyk gelýän benzine daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýändigini belledi.

Ýurtlarymyzyň uly kuwwaty nazara alnanda, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlar açylýar. Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, hususan-da, “akylly” şäherleri taslamalaşdyrmak, gurmak we dolandyrmak babatda tejribe alyşmak üçin hem giň mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparlarynyň işine möhüm orun degişlidir. Bu toparlar kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak, ugurdaş ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak, geňeşmeleri geçirmek üçin netijeli gural bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyny amala aşyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu formatyň çäginde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetli orun eýeleýändigi nygtaldy. Ol halklary ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şunda Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň bu ugurdaky köpýyllyk netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şeýle hem şu ýyl beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede iri çäreleriň geçirilýändigi bellenildi. Söz ussadynyň goşgulary dünýäniň dürli dillerine terjime edildi, onuň döredijilik mirasy bolsa bütin adamzadyň medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Pursatdan peýdalanyp, myhman Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny bu şanly sene, şeýle-de ýakynlaşyp gelýän baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi