“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky

Internet
Banking


Ýardam


Karzlar barada

Karzy nädip üzmeli?

 
Karzyň tölegi aýlyk deň (annuitet) möçberli tölegler arkaly amala aşyrylýar. 
Karzy üzmekligiň usullary:  

 


Karzyň wagtyndan öň üzülmegi

Siz karzy wagtyndan öň (bölekleýin ýa-da doly) komissiýasyz üzüp bilersiňiz.   
  1. Wagtyndan öň üzmek üçin arza beriň.  
  2. Karzy üzmekligiň şertlerini üýtgediň: möhletini ýa-da aýlyk tölegiň möçberini azaldyň.   
  3. Wagtyndan öň berilýän tölegiň möçberini wagtynda hasaba salyň.    
 
Aýlyk töleg we bergililigiň galyndysy hakynda gündelik maglumaty nädip bilip bolar? 

Resminamalar boýunça talaplar

Girdejiler hakynda kepilnamany haýsy döwür üçin bermek gerek?    
Girdejiler hakynda kepilnama soňky 6 aýyň girdejileriniň görkezilmegi bilen berilýär.  
 
Hususy telekeçä fiziki şahs hökmünde karzy resmileşdirip bolýarmy?  
Hususy telekeçilere sarp ediş karzlary berilmeýär. 
 
Eger-de başga karz boýunça zamunçy bolan ýagdaýymda öz adyma karz alyp bilerinmi?  
Bu soraga diňe Siziň karz tölemäge ukyplylygyňyz derňelenden we resminamalar toplumy berlenden soňra jogap berip bolar. Eger-de Siziň girdejiňiz karz we zamunlyk üçin ýeterlik bolsa, karz berlip bilner.    
 
Men harby gullukçy, men karz alyp bilerinmi?
Hawa, siz karz alyp bilersiňiz. Resminamalary adaty sanawa laýyklykda bermek gerekdir. Şol bir wagtda goşmaça şu resminamalary bermek wajypdyr: iş ýerinden kepilnama, iş döwrüni tassyklaýan resminamalaryň biriniň göçürme nusgasy, ofiseriň/harby gullukçynyň şahadatnamasy, zähmet şertnamasy (eger-de şertnama gizlin häsiýetde bolsa, diňe 1 ýyldan gowrak iş döwrüni tassyklaýan harby gullukçynyň şahadatnamasy talap edilýär).      

Arza we almak

Men karzy nähili usulda alaryn? 
Karz alyja karzyň berilmegi Bank tarapyndan bir gezeklik ýa-da tapgyrlaýyn, hasaplaşygyň nagt däl görnüşinde onuň tabşyrygy boýunça geçirme ýa-da plastik karz kartyna geçirme arkaly amala aşyrylýar.   
 
Eger-de bank maňa karz bermekden ýüz öwüren bolsa arzany haçan gaýtadan berip bolar?  
Sarp ediş karzy üçin öňki arzaňyz boýunça bankyň otrisatel çözgüdi kabul eden pursadyndan 90 gün geçeninden soňra siz arzany gaýtadan berip bilersiňiz. Ony resminamalar bilen tassyklanylan maliýe ýagdaýy gowulanandan/durnuklaşandan soňra etmek has maksada laýykdyr.              
 
Üzme 
Eger-de siz aýlyk tölegi geçirmegi ýatdan çykaran bolsaňyz ýa-da wagtynda geçirmäge ýetişmedik bolsaňyz
Eger-de siz aýlyk tölegi geçirmegi ýatdan çykaran bolsaňyz ony karzy üzmekligiň mümkin bolan islendik usuly bilen mümkin boldugyndan tiz geçiriň. Sebäbi siziň ähli tölegleriňiz karz taryhyňyzda bellenilýär.       
 
Tölegiň üzülmegi üçin serişdeleri haçan salmaly?  
Töleg tertipnamasynda görkezilen aýlyk annuitet tölegine deň bolan möçber bilen  hasaby doldurmalydyr.  
 
Tölegiň senesi iş däl/baýramçylyk gününe gabat gelse geçirilýärmi? 
Tölegiň senesi iş däl/baýramçylyk gününe düşen halatynda ol indiki iş gününe geçirilýär. 
 
Üçünji şahs siziň karzyňyzy töläp bilermi?     
Siziň tanyşlaryňyz ýa-da garyndaşlaryňyz karzy töläp bilerler, onuň üçin olar pasportlary we siziň karz şertnamaňyzyň belgisi bilen bankyň bölümine ýüz tutmalydyrlar.