“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky

Internet
Banking


Online hyzmatlar


QR code

Islendik ýerde, şol sanda, internet dükanlarda, taksilerde, restoranlarda, ownuk satuw söwda nokatlarynda we ş.m. mobil enjamynyň kömegi bilen satyn almak we tölemek, şeýle hem, islendik kagyz kwitansiýalaryny (ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy, tok, suw, gaz, düýpli abatlaýyş, telefon, internet, jerimeler, salgytlar we beýlekiler) mobil enjamy arkaly tölemek hyýal ýaly bolup görünýärdi. 

Häzirki gün bu hakykatdyr. “QRcode” töleg ulgamy we “Rysgal Pay” mobil gapjygy size mobil enjamyňyzdan islendik tölegi tiz, amatly, ygtybarly amala aşyrmaga ýol berýär.    

QR-kodlaşdyrma tehnologiýalarynyň esasynda mobil enjamlary üçin iki ölçegli matrisa kodly we adaty çyzykly şertli kodlaryň kömegi arkaly QRcode (Quick Response) töleg infrastrukturasydyr.          

Biziň bankymyzyň “Rysgal Pay” mobil gapjygy priloženiýasyny gurnaň, özüňiz üçin amatly islendik usulda hasabyňyzy dolduryň we tölegiň amala aşyrylmagy üçin “kwadrat kody” hasaplaň.     

Şeýle ýönekeý. Şeýle amatly. Şeýle tiz. Ygtybarly.      

“RysgalPay” töleg ulgamynda QR-koduny ulanmak arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň tölegi üçin pul serişdelerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyşmak

Düzgünler

“RysgalPay” töleg ulgamynda QR-koduny ulanmak arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň tölegi üçin pul serişdelerini geçirmegiň Düzgünlerine Goşmaça

Goşmaça


“Rysgal Pay” programmasy boýunça gollanma

Görkezme

“Rysgal Pay” boýunça töleg kabul edýän söwda we hyzmat nokatlary

Söwda we hyzmat nokatlary sanawy