“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky

Internet
Banking

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

31 Dekabr, 2020 ý.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.

2021-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça sygyr ýyly. Sygyr «Malym — janym» diýýän türkmeniň gowy görýän mallarynyň biri, öý-ojagyň, maşgalanyň rysgaly. Şoňa görä-de, sygyr ýyly bereketli ýyl hasaplanýar.

Merdana halkymyz Täze ýyla aýdyň maksatlar, uly ynam bilen gadam basýar. Mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmeti bilen döwletimiziň kuwwaty barha artýar.

Biz dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, yhlasly zähmetimiz bilen 2020-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazandyk, il-ýurt bähbitli döwletli işlere badalga berdik. Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurup, ulanmaga berdik. Müňlerçe bagtyýar maşgala jaý toýlaryny toýlady. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuş we önümçilik maksatly müňlerçe desganyň gurluşygy depginli dowam edýär.

Türkmenistan döwletimizde ençeme halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu taslamalaryň netijesinde Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzüminiň emele gelýän möhüm halkasyna öwrülýär.

Biz halkymyzyň döwleti dolandyrmakdaky köp asyrlyk tejribesine daýanyp, Halk Maslahatynyň sentýabr aýyndaky mejlisinde döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledik.

Milli parlamentimiziň hil taýdan täze, iki palataly gurluşynyň döredilmegi bolsa ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkidip, döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň has netijeli bolmagyna oňaýly şertleri döreder. Biz täze — 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçireris.

Ýurdumyz döredijiligiň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirip, geljege ynamyny has-da berkidýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalyk pudagynda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Merdana daýhanlarymyz şu ýyl hem galla we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan hem köp guşgursak bugdaý, 1 million 250 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyrmagy başardylar. Miwe, gök-bakja önümleriniň bol hasyly ýetişdirildi. Biz oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça başlan işlerimizi mundan beýläk-de dowam ederis.

Eziz watandaşlar!

Mähriban halkym!

Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, ynsan saglygyny goramak, ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirýäris. Halkymyzyň, şol sanda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň saglygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde bedenterbiýäniň we sportuň uly ähmiýeti bar.

Nesip bolsa, täze ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde Welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny, Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşy geçireris.

Biz geljegimiz bolan ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin hem ähli şertleri döredýäris. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, sanly tehnologiýalary öwrenmegine döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys.

Sazlaşykly ösýän Bitarap Türkmenistan dünýäniň ylmy giňişligine işjeň goşulýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, sanly ulgamy ösdürmekde, täze senagat pudaklaryny döretmekde, iri taslamalarydyr milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ylmyň ähmiýeti uludyr.

Biz medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň we sungatymyzyň gülläp ösmegi üçin hem ähli şertleri dörederis. Milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri alyp bararys.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Daşoguz welaýatynda üstünlikli geçirilen Medeniýet hepdeligi halkymyzyň milli mirasyny öwrenmekde we giňden ýaýmakda uly ähmiýete eýe boldy. Nesip bolsa, 2021-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Lebap welaýatynda geçireris.

Eziz watandaşlar!

Biz Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň kesgitledik. Bu işlerde hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur alýarys.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny baýram etdik. Bitarap döwletimiziň alyp barýan syýasaty dünýäde giňden goldaw tapýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama kabul edildi.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisinde «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilendigini hem bellemelidiris.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm resminama — «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi.

2020-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistan bu guramanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi hem-de 2021 — 2024-nji ýyllar üçin Ylym we tehnika boýunça Komissiýalarynyň agzalygyna saýlandy.

Mähriban halkymyzyň abadan durmuşy, ata Watanymyzyň rowaçlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmelerimiz oňyn netijelerini berýär. Muny halkara barlaglar merkeziniň Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etmegi hem doly tassyklaýar.

Hormatly adamlar!

Raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, biz täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň hem-de döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrýarys.

Eziz watandaşlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, täze ýylda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 30 ýyl dolýar. Biz eziz Diýarymyzyň özbaşdak ösüşiniň şanly senesini taryhy wakalara, toý-dabaralara besläp, giňden belläp geçeris.

Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris.

Eziz watandaşlar!

Ýene az salymdan biz 2021-nji ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy alýarys. Goý, täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin! Täze ýylda siziň maşgala ojaklaryňyza agzybirlik we asudalyk ýar bolsun! Bagtyýar günler, döwletli döwran dowamat-dowam bolsun!

Eziz watandaşlar!

Täze — 2021-nji ýylyňyz gutly bolsun!

www.turkmenistan.gov.tm