“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky

Internet
Banking


Karzlar


Korporatiw müşderileri üçin karzlar  

Korporatiw müşderileri üçin karzlaşdyrmanyň görnüşleri we şertleri: 

Karzlaşdyrma aşakdaky maksatlary göz öňünde tutýan maýa goýum taslamalary degişlidir:  

Karzlar ýokarda agzalan işleriň maliýeleşdirilmegi üçin karz alyjynyň maýa goýum taslamasyna 15% az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen berilýär (öz goýumy pul görnüşinde ýa-da taslama boýunça işleriň ýerine ýetirilmegi bolup biler).

 


Karzlaryň göterim derejeleri we möhletleri

Önümçilik maksatlary: 
önümçilik enjamlarynyň satyn alynmagy we ş.m 
ýylda 5% 10 ýyla çenli
çig malyň we materiallaryň satyn alynmagy ýylda 5% 3 ýyla çenli
Hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi ýylda 8% 3 ýyla çenli
Söwda ýylda 12% 3 ýyla çenli
Önümçilik desgalarynyň durkunyň täzelenilmegi we abatlanylmagy, gurluşyk tehnikalarynyň we ýük awtoulaglarynyň satyn alynmagy ýylda 8% 10 ýyla çenli
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Kararyna laýyklykda ýylda 5% ýeňillikli döwür iş görnüşine görä kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” Kararyna laýyklykda ýylda 1% we 5% ýeňillikli döwür iş görnüşine görä kesgitlenilýär.

Arzany nädip bermeli? 

Resminamalar sanawynda göz öňünde tutulan resminamalar toplumy, şeýle hem, zerurlyga görä taslamanyň dürli aýratynlyklarynyň we şertleriniň düşündirilmegi üçin talap edilýän resminamalar jemlenilenden soňra müşderi karzy almak üçin arza bilen ýüz tutýar.      

Arzada soralýan karzyň maksady, möçberi, möhleti we ýeňillikli döwri, görnüşi we beýany, şeýle hem, hödürlenilýän üpjünçilige degişli zatlar giňişleýin beýan edilýär.   
Resminamalar sanawy boýunça goşmaça talaplaryň zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, şeýle hem, goşmaça soraglar ýüze çykan mahalynda bankyň işgärleri size maslahat berip bilerler. 

Перечень документов для юридических лиц