“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky

Internet
Banking

Bildiriş

Telekeçileriň pul serişdelerini nagtlaşdyrmagynyň tertibine üýtgetme girizildi

24 Iýul, 2020 ý.

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan “Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň” tertibiniň 14 bölümine üýtgeşmeler girizildi. Girizilen üýtgeşmeler diňe milli manatdaky amallar bilen baglanyşyklydyr.

Üýtgeşmelelere laýyklykda:

  • Hususy telekeçiniň, bir aýda hasaplaşyk hasabyna, nagt pul görnüşinde tabşyran möçberinden, telekeçilik maksatnamalary üçin 75 göterime çenli nagt pul görnüşinde yzyna almaga rugsat berilýär.

  • Hususy telekeçiniň, bir aýda hasaplaşyk hasabyna, fiziki şahslar bilen POS töleg terminallaryny ulanmak arkaly geçirilen töleglerden gelen nagt däl möçberiniň 50 göterime çenli, bankdaky telekeçilik hasabyndan nagt pul görnüşinde almaga rugsat berilýär.
  • Telekeçileriň öz arasynda nagt däl görnüşinde hasaplaşyk geçirmek maksady bilen baglaşylýan şertnamalary esasynda, satyn alýan hususy telekeçi, töleg geçirmek üçin özüne degişli bankyna nagt görnüşinde goýup, satyjy bolan hususy telekeçä nagt däl görnüşinde geçiren ýagdaýynda, satyjy bolan telekeçi hyzmat edýän bankyndaky telekeçilik hasabyna gelen şol möçberden 70 göterimine çenli nagt görnüşinde çykdajy etmäge rugsat berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 96-46-96

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky Internet banking hyzmatyny hödürleýär

06 Ýanwar, 2020 ý.

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky öz müşderileri üçin täze bank hyzmaty bolan Internet bankingi hödürleýär.

Internet banking bank hyzmatyny birikdirmek arkaly Siz banka barmazdan, öz kompýutertleriňiziň we mobil enjamlaryňyzyň üsti bilen aşakdaky hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz:

  • müşderiniň öz hasaplarynyň arasynda pul serişdelerini geçirmek;
  • bankyň müşderilerine, şeýle hem beýleki banklaryň müşderilerine tölegleri geçirmek;
  • adatça köp ulanylýan töleg tabşyryklarynyň görnüşleriniň nusgasyny hem-de şol nusgalaryň esasynda täze töleg tabşyryklaryny döretmek;
  • işleşýän taraplaryňyzyň atlarynyň, salgylarynyň, hasaplarynyň we ş.m. maglumatnamasyny ýöretmek;
  • müşderiniň öz hasaplary boýunça galyndylaryny we hereketlerini görmek we çap etmek;
  • karzlaryň we depozitleriň töleg tertibini görmek;
  • bank tarapyndan iberilýän habarnamalary almak;
  • bank bilen habarlaşmak, sorag-jogap almak;
  • daşary ýurt pullarynyň hümmetini görmek.

Bank hyzmatyndan peýdalanmak üçin aşakdaky şertleriň ýerine ýetirilmegi zerur bolup durýar.

  • “Rysgal" paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderisi bolmaly;
  • “Rysgal" paýdarlar täjirçilik bankynda ýuridik şahslara we hususy telekeçilere menzilara bank hyzmatlaryny bermek hakynda Düzgünnama" bilen tanyşmaly;
  • degişli arzany dolduryp (arzanyň görnüşi Word formatda), “Rysgal" paýdarlar täjirçilik bankyna tabşyrmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 96-46-96

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky “Cash-back” hyzmatyny hödürleýär

06 Ýanwar, 2020 ý.

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky öz müşderileri bolan ““Master-Card” Maestro” plastik kartyny ulanyjylary üçin “Cash-back” hyzmatyny hödürleýär.

“Cash-back” hyzmaty bilen “Maestro” plastik kartyny ulanmak arkaly söwda merkezlerinde, dükanlarda, hyzmat nokatlarynda hasaplaşyk geçireniňizde tölegiň möçberiniň 3 göterimi yzyna gaýtarylyp berilýär.

Gaýtarylyp berilýän serişdeleriň möçberi her aýyň netijesi boýunça, indiki aýyň 5-i senesine çenli hasaplanylyp, yzyna gaýtarylýar.

Hyzmat “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň ““Master-Card” Maestro” plastik karty açylan wagty birikdirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
96-46-62, 96-46-63, 96-46-68