“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky

Internet
Banking


Bank barada


Bank barada

Doly ady «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky 
Gysgaldylan ady «Rysgal» PTB
Iňlis dilindäki ady Joint Stock Commercial Bank «Rysgal»
Iňlis dilindäki gysgaldylan ady JSCB «Rysgal»
Ýerleşýän ýeri Türkmenistan, Aşgabat ş., 744004, 1946 köç. (Ankara), j.23
Poçta salgysy Türkmenistan, Aşgabat ş., 744004, 1946 köç. (Ankara), j.23
Türkmenistanyň Merkezi Banky tarapyndan berlen bank ygtyýarnamansynyň belgisi 07.10.2018ý. seneden
belgi 1-24-37-03
Esasy döwlet hasaba alyş belgisi 24580253
Ýuridiki şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna karz edarasynyň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakynda ýazgynyň girizilen senesi 11-nji oktýabr, 2011 ý.
Salgyt töleýjiniň şahsy salgyt belgisi (ŞSB) 101731005495
Bank banklaryň – goýumlaryň hökmany ätiýaçlandyrma ulgamynyň gatnaşyjylarynyň 
sanawyna girizilen
11.10.2011 ý. seneden belgi 102 
Esaslyk maýanyň mukdary 40 mln. man.
Karz edarasynyň işine gözegçilik edýän edara Türkmenistanyň Merkezi banky  
744000, Aşgabat ş, Bitarap Türkmenistan şaýoly 
Telefonlar: (+993 12) 38-10-27, (+993 12) 92-08-12 
Bank kepillikleriniň berlişiniň benefisiarlar tarapyndan barlagy üçin maglumat Bank kepilliklerini bermek boýunça amallaryň geçirilmeginiň üpjünçiligini amala aşyrýan içerki düzümleýin bölüm: Karz müdirligi     
Tel. (+993 12) 96-46-35 
info.cci.tm@gmail.com 

 

Maksady we gymmatlyklary

Bankyň işiniň esasy wezipesi – müşderilere bank önümleriniň köpsanly görnüşlerini hödürlemek arkaly ýurduň döwlete degişli bolmadyk sektorynyň, kiçi we orta işewürligiň maliýe taýdan goldanylmagydyr. Müşderiniň bähbitleriniň ileri tutulmagy, halkara hil derejelerine wepalylyk, hemmetaraplaýyn pikirlenmek başarnygy hem-de ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň ýokary derejesi biziň işimiziň we abraýymyzyň esasy bolan ynamly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär.

Ösüşiniň strategiýasy

Strategik ugurlar 

“Rysgal” PTB-nyň ösüşiniň mümkinçilikleri mundan buýana hem köp halatda ýurtdaky kapitalyň dowam edýän toplanma prosesleri, giňeldilen üznüksiz önümçilik, maliýe we alyjylar bazarynyň gerimleriniň ösüşi boýunça kesgitleniler, olar ortaça möhletdäki mümkinçilik boýunça iň tiz ösýänleriň we özüne çekijileriň biri bolup galar.    

Döwletiň ösüş, önümçilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek proseslerine gatnaşmaklygy, şeýle hem, Bankyň maliýe maksatlary geljekde global wezipeleri çözmäge we ykdysadyýetde esasy orny eýelemäge ukyply, ykdysadyýetiň häzirkizaman we giň gerimli subýektiniň emele gelmegi we netijeli işlemegi üçin üç birlikden durýan wezipä biriger. “Rysgal” PTB-nyň ösüşiniň mümkinçilikleriniň bu görnüşine esaslanyp, onuň işiniň has ähmiýetli taraplary şulara gönükdiriler: 

  • Bankyň maliýe görkezijileriniň depginli ösüşini üpjün etjek balans düzüminiň emele getirilmegi; 
  • aktiw amallaryň girdejiliginiň artdyrylmagy we ssuda portfeliniň hiliniň gowulanmagy; 
  • amallar bilen bagly prosesleri dolandyrmagyň düzüminiň kämilleşdirilmegi;
  • Bankyň ygtybarlylygynyň we durnuklylygynyň üpjün edilmegi üçin töwekgelçilikleriň dolandyrylyşynyň ulgamlaşdyrylmagy;     
  • hödürlenilýän hyzmatlaryň we önümleriň geljekde has ýokary innowasion derejede ösmegi.    

Bu wezipeleriň toplumlaýyn çözgüdi teklip edilýän başlangyçlardan iň ýokary sinergetik netijäni almaklyga ýol berer. Bank elmydama strategik wezipeleriň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan serişdelere baha berilmegini amala aşyrar. Onuň üçin faktor we ssenariý derňewi ulanylar, bu bolsa Bankyň ösüşiniň maksatlaýyn parametrlerini modelirlemäge we sazlamaga ýol berer, dünýäniň makroykdysady görkezijileriniň we içerki bazar ýagdaýynyň üýtgeýän şertlerinde ösüş prosesiniň hemmetaraplaýyn gözegçilik ulgamyny döreder.  

Bankyň strategik wezipeleri onuň potensialynyň ösüşine hem-de içerki bazaryň we halkara maliýe ulgamynyň berýän  seýrek mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Strategik wezipeleriň durmuşa geçirilmegi – diňe bir öz işgärleri däl, eýsem bütin ýurdy buýsandyryp biljek häzirkizaman institutyny döretmäge ýol berer. Ykdysadyýetiň depginli ösýän we ygtybarly subýekti bolup galmagy bilen Bank özüniň ösüşindäki indiki ädimi ätmegi hem-de täze, döwrebap we gülläp ösýän Türkmenistanda iň gowularyň biri bolmagy maksat edinýär.     


Sebitlerde

Özüniň işini çäk boýunça giňeltmek we bankyň bähbitlerini onuň ýerleşýän ýerinden daşarda üpjün etmek maksady bilen, maliýe serişdeleriniň has netijeli ulanylmagy we toplanmagy üçin bank ýurduň ähli welaýatlarynda şahamçalary açdy. Şahamçalaryň mundan beýläk ösüşi bankyň welaýatlardaky ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmagyň serişdelerini ýüze çykarmak boýunça gözegçiligiň has netijeli mehanizmleriniň işlenilip düzülmegini göz öňünde tutýar.

Salgylar we habarlaşmak


Baş bank, Aşgabat şäheri:
Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat şäheri,
744004, 1946 köç. (Ankara), jaý № 23
tel.: +993-12-96-46-10, +993-12-96-46-20,
+993-12-96-46-30
E-mail: rysgal@rysgalbank.tm

 

Balkan:
Salgysy: Türkmenistan, Balkanabat şäheri,
211-nji ýaşaýyş jaýlary, jaý № 72
tel.: +993-222-2-33-88, +993-222-2-33-66

 

Daşoguz:
Salgysy: Türkmenistan, Daşoguz şäheri,
Magtymguly prospekti, jaý № 5/3 
tel: +993-12-96-46-06, +993-12-96-46-87,
+993-322-2-42-91, +993-322-2-42-84

 






 

Mary:
Salgysy: Türkmenistan, Mary şäheri,
Bitaraplyk köç, jaý № 18 
tel.: +993-522 7-08-29, +993-522 7-08-62;

 

Lebap:
Salgysy: Türkmenistan, Türkmenabat şäheri,
A. Garlyýew köç,
tel.: +993-422-4-35-20, +993-422-4-35-24,
+993-422-4-35-21, +993-422-4-35-28