002076 - шаблон joomla Оригами
in Pressa
18. 04. 26
posted by: Super User
Seretmeler: 211

24.04.2018. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Ikinji günüň maksatnamasy Ürgenç şäherindäki Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylyş dabarasyny, şeýle hem Hywa şäherindäki taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna barlyp görülmegini öz içine aldy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Daşkentde ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikler uly üstünlige beslenip, olar iki goňşy ýurduň we iki halkyň gadymdan gözbaş alýan dostluk we doganlyk däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar munuň aýdyň subutnamasy bolup, olar netijeli döwletara gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam berer.

Şeýle hem düýn iki döwletiň Liderleriniň gatnaşmagynda “Aşgabat” seýilgähi dabaraly ýagdaýda açylyp, ol türkmen paýtagtynyň keşbiniň Daşkentdäki beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşurylan sowgatlar täze seýilgähe gelen körpeler üçin ýakymly waka boldy. Şadyýan çagalar muňa jogap hökmünde türkmen Lideriniň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Şu gün irden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni sapar mahaly bellenilen kabulhanadan çykyp, Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary özbek paýtagtynyň howa menzilinden meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanalýan Ürgenje—Horezm oblastynyň dolandyryş merkezine tarap ugur alýar.

Read More: Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
in Pressa
18. 05. 07
posted by: Super User
Seretmeler: 201

04.05.2018. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meselelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer 2018-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlary üçin makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, ähli pudaklarda oňat netijeler gazanyldy.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy, şol sanda senagat pudagynda 4,6 göterim, gurluşykda 0,4 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim, söwdada 7,8 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim we hyzmatlar ulgamynda 10,1 göterim ýokarlandy.

Read More: Türkmenistanyň 2018-nji ýylyň 4 aýyndaky ösüşleriniň jemleri jemlenildi
in Pressa
18. 05. 03
posted by: Super User
Seretmeler: 197

02.05.2018. Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum geçirildi. Onuň açylyşyna hem-de dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine ulag we logistika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda portlaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, bu wekilçilikli forumyň ajaýyp wakanyň — sebit hem-de yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkeze öwrüljek Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylmagynyň öňüsyrasynda geçirilmegi bellärliklidir.

Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, köp şahaly ulag düzümini döretmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Biziň ýurdumyz ençeme gezek şu mesele boýunça iri forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olaryň hatarynda ýokary derejeli halkara maslahat we BMG-niň howandarlygynda guralan Durnukly ulag boýunça ählumumy maslahat bar. Bu forumlar 2014-nji ýylyň sentýabrynda hem-de 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça kabul edilen möhüm ähmiýetli resminamalar — Aşgabat Jarnamasy we Aşgabat Beýannamasy strategik ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de ösdürmek boýunça umumy tagallalary birleşdirmekde saldamly goşant boldy.

Read More: Türkmenistanyň Prezidenti halkara foruma gatnaşdy
in Pressa
18. 04. 19
posted by: Super User
Seretmeler: 192

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri girizildi. Maslahata dostlukly ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, senagat we işewürler toparlarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

2014-nji ýylda iki döwletiň hazarýaka sebitleriniň häkimlikleriniň arasynda baglaşylan degişli Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralan foruma gatnaşmak üçin Mangistau oblastynyň akimi Ý.Tugjanowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Türkmenbaşy şäherine geldi.

Onuň düzümine dürli müdirlikleriň we departamentleriň — senagat-innowasiýa ösüşi, döwlet girdejileri, telekeçilik we söwda, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, medeniýet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, Gazagystanyň halklarynyň assambleýasynyň müdiriýetiniň, taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň, oblast filarmoniýasynyň, Aktau şäheriniň we Karakiýan raýonynyň wekilleri, şeýle hem oblast maslyhatynyň deputatlary, iri kärhanalaryň we kompaniýalaryň 30-dan gowragynyň, telekeçilik düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girýär.

Olaryň hatarynda “KASPIÝ” “Durmuş-telekeçilik korporasiýasy” Milli kompaniýasy”, “Morport Aktau” ýörite ykdysady zolak, Aktau Halkara howa menzili, “Mangistau Munaýgaz” we “KazAzot” paýdarlar jemgyýetleri, “Port Kuryk” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, Aktau transformator zawody, “Askar” un kombinaty, Aktau konditer fabrigi, Beýneu galla kombinaty, “Aktau Keramzit”, “MAEK-Kazatomprom”, “Atameken” Sebit telekeçiler edarasy, “Zhamalai Ltd”, “Bereket-F” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet we beýlekiler bar. Mejlise gatnaşyjylar iki doganlyk halkyň köpasyrlyk taryhy, medeni we ruhy umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolup, muňa köp babatda ähli derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýardam berýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Nursultan Nazarbaýewiň arasynda gol çekilen, goňşy ýurtlaryň köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen ylalaşyklar döwletara gatanaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Şu gezekki duşuşygyň barşynda gazagystanly hyzmatdaşlara okgunly ösýän türkmen bazarynyň giň mümkinçilikleri görkezildi, ýurdumyz örän baý tebigy serişdelere hem-de ägirt uly ykdysady kuwwata eýedir, şeýle hem iri möçberli taslamalar, şol sanda senagatlaşdyrmak, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň möçberlerini artdyrmakda gazanan sepgitleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu taslamalar Hazarýaka sebitinde üstünlikli amala aşyrylýar hem-de durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň haryt öndürijilerini we daşary ýurtly maýadarlary höweslendirmek çärelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigine aýratyn üns çekildi.

Read More: Awazada Balkan welaýaty bilen Gazagystanyň Mangistau oblastynyň arasyndky gatnaşyklaryň ugurlary...
in Pressa
18. 05. 21
posted by: Super User
Seretmeler: 188

17-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipelere garaldy, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, 18-nji maýda ýurdumyzyň uly baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi ilkinji gezek döwlet derejesinde giňden belleýändigini aýtdy.
Berkarar Watanymyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy halkymyzyň mizemez agzybirligini, bitewüligini alamatlandyrýar, parahatçylyk we döredijilik ýörelgesine üýtgewsiz ygrarlydygyny aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän Konstitusiýamyz, Ýer ýüzünde belentden pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli buýsanjymyzdyr.
Esasy Kanunymyzda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamlaryň hukuklary we azatlyklary kepillendirilýär. Biz şundan ugur alyp, milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl Tugumyzyň astynda Türkmenistanyň iň täze taryhyny döredýäris.
Eziz Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary we özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi.
Ösen ykdysadyýeti, kämil syýasy ulgamy bolan, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň binýadyny barha berkidýäris. Biz Esasy Kanunymyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk ýörelgesinden ugur alyp, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýarys.

Read More: Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi