002076 - шаблон joomla Оригами

“Rysgal” AKB-nyň konseptual ösüşiniň meseleleri

Baý we wakalardan doly geçmişimizde biz
mydama geljege ugrukdyryjy gollanma taparys

                                                                     “Rysgal” AKB-nyň konseptual ösüşiniň meseleleri (strategiýa)

Dünýädäki häzirki ýagdaýyň seljerilmesi we ýurduň bank ulgamynyň işlemeginiň häzirki zaman şerteri.
Bankyň ösüşi we wezipesi
Bankyň strategiki maksatlary we ösüşiniň esasy ugurlary.
Ösüşiň esasy ugurlary
Strategiki maksatlary
Ösüşiň ilkinji nobatdaky ugurlary
Bazary düzgünleşdirmegiň meseleleri
Maýa goýum ösüşiniň meseleleri
Önümçilik işi
Söwda işi
Ösüşi gazanmak ugrunyň esasy wezipeleri
Guramaçylyk gurluşynyň meseleleri
Ösüşiň gidişini (prosesslerini) dolandyrmak meseleleri
Işgärler bilen işlemek meseleleri

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň bank ulgamy ykdysady ösüşleri dolandyrmak ugrunda döwletiň esasy gurallarynyň biri boldy. Bu emele geliş döwletiň ykdysadyýetiniň we maliýe ulgamynyň dinamiki ösüşiniň çäklerinde mümkin boldy. Ykdysadyýetimiziň ösmegi, şeýle hem ony dolandyrmak üçin niýetlenen pul birliginiň möçberiniň ösmegi halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ösmegine getirdi. Bu bolsa öz nobatynda içerki peýdalanyjylaryň sanynyň artmagyna ýol açdy.
“Rysgal” AKB-nyň ösüşi we mümkinçilikleri geljekde hem ýurdumyzda dowam edýän maýa goýumlarynyň jemlenmegine, giňişleýin önümçiligiň ýagdaýyna, önümçilik we maliýe bazarlarynyň ösüşine görä kesgitlener. Bu bolsa öz nobatynda iň çalt ösýän we özüne çekiji ugurlaryň biri bolup durar.
Häzirki wagtda halkara maliýe bazarlarynda durnuksyzlygyň netijesinde dürli ýaramaz täsirleriň bar bolmagyna garamazdan, ýurdumyzyň içerki bazary: durnukly ösüşi we uly möçberli önümçiligi saklanyp galar.

Emma, dünýäniň dowam edýän pese çökgünliliginiň netijesinde emele gelen ýagdaýy we meýilleri göz öňünde tutmazlyk ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşiniň durnuklaşan depginini goldap saklamak nukdaýnazaryndan ýalňyş bolardy.
Häzirki döwürde dünýä maliýe bazary ýokary durnuksyzlygy bilen häsiýetlendirilýär we bu sarp edijileriň höweslerine, dürli ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň subýektleriniň maýa goýum işjeňligine oňaýsyz täsirini ýetirýär. Şol bir wagtyň özünde ykdysady taýdan güýçli ösen döwletleriň maksadaokgunly hereketleri, kadalaşdyryjy funksiýalaryň we döwletleriň pul we maliýe edaralarynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi hem aýratyn subýektleriň hem-de döwlet pudaklarynyň ösdürilmegi boýunça strategik meýilnamalary işläp düzmeklige mümkinçilik berýär.
Birnäçe soňky onýyllyklaryň dünýä maliýe bazaryny öwrenmek işleri onuň dinamikasyna aýgytlaýjy täsir edýän esasy faktorlary kesgitledi: döwletleriň Merkezi banklaryň derejesinde dürli maliýe aktiwlerine talaby, ýurtlaryň göterim nyrhlary we maýa goýum serişdesi hökmünde beýleki maliýe gurallarynyň özüne çekijilik derejesi, şeýle hem dünýä ykdysadyýetinde pul mukdarynyň ýa-da likwidliligiň (borçlaryň öz wagtynda ýerine ýtirilme ukybynyň) göwrümi şu ýagdaýlara degişli bolup durýar.
Dünýäniň ykdysady taýdan has güýçli ösen döwletleri tarapyndan pese çökgünligi ýeňip geçmek boýunça görülýän çäreler inflýasiýanyň hasaba alynmagy bilen hakyky göterim nyrhlarynyň nol derjesine ýakynlaşandygyna, döwlet gymmatly kagyzlary boýunça girdejiniň öz öňki maýa goýum oňaýlygyny ýitirendigine getirdi. Bu şertlerde serişdeleri, taryhy taýdan gymmat bahaly metallaryň we ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň töwekgelçiliksiz aktiw bolşy ýaly, kapitalyň bahasyny saklamaga mümkinçilik berýär töwekgelçiliksiz aktiwlere geçirmek meýili ýüze çykyp başlady. Diňe Ýaponiýa we HHR boýunça bu aktiwlere edilen goşantlar 3 trillion ABŞ dollaryndan hem gowrakdyr.
Dünýä ykdysadyýetinde köp sanly maýa goýum ýagdaýlarynyň ýapylmagy netijesinde boşaldylan pul serişdeleriniň esli göwrümi bardyr. Mundan başga hem, dünýä ykdysadyýetiniň umumy çökgünlilik tarapyndan döredilen basyşa sezewar bolan dürli ýurtlaryň ykdysadyýelerini höweslendirmek boýunça emission çäreleriň görülmegi bu ýurtlardaky Merkezi banklaryň balans göwrümleriniň esli derejede artmagyna getirdi. Mysal üçin, 2014-nji ýylda ÝMB balansy 50% gowrak, ABŞ-nyň Federal ätiýaçlygynyň balansy bolsa soňky 5 ýylyň dowamynda 3,4 esse artdy. Hünärmenleriň baha bermeklerine görä umumy pul mukdary ýylda 15% artmaga dowam eder, bu bolsa netijede hem strategiki ätiýaçlyklaryň, hem-de sarp ediji bazarynyň nyrh jähtine diýseň uly täsirini ýetirer.
Ähli ýokarda görkezilen faktorlar dürli döwletleriň ösüş dinamikasyna örän güýçli täsirini ýetirýär. Walýuta kurslarynyň ýokary üýtgeýjiligi häzirki zaman dünýä maliýe bazarynyň aýratynlygy bolup durýar. Pese çökgünlik döwründen öň walýuta kurslarynyň ol ýa-da bu tarapa dinamikasy durnuklydy we ýeterlik derejede uzak wagtyň dowamynda güýjenýärdi. Bu bazar gatnaşyjylara strategiki ösüş meýilnamalaryny işläp taýýarlamaklyga we üstünlikli ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berýärdi. Täze şertlerde, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň aglabasy maliýe syýasatyny gowşadyjy gurallary, şol sanda hem strategiki ätiýaçlyk serişdeleriniň (altyn, energiýa çeşmeleri we ş.m.) gysga wagtlaýyn – taktiki azaldylmagyny ulanýan ýagdaýda, walýuta kurslarynyň esli üýtgeme ähtimallygy ýeterlik derejede ýokary bolup durýar.

GÖRÜŞ (MAKSAT)

Global meseleleri çözmäge we döwletiň ykdysadyýetinde esasy rol oýnamaga ukyply häzirki zaman we giň gerimli ykdysady subýektiň formirlenmegi we netijeli funksionirlemegi.

Bu ýörelge, gazanylmagy ykdysady ösüşiň umumy döwlet meseleleriniň amala aşyrylmagynda möhüm orun eýelejek Bank maksatlaryny umumy görüş arkaly düşünmek zerurlygy bilen işlenilip düzüldi.
Dünýä ykdysadyýetindäki global üýtgeşmeler, bu üýtgeşmeleriň depginleri, şeýle hem dürli ykdysady ulgamlarynyň (medeniýetleriniň) özara ornaşdyrylmagy ýa-da utgaşmasy ýurduň ykdysadyýetiniň ähli subýektlerine täze talaplary bildirýär. Şonuň üçin hem Bankyň işjeňliginiň we funksional jogapkärçiliginiň bar bolan ugruny ylmy mazmun we logika bilen doldurylan bitewi ugra gönükdirmek möhüm bolup durýar.
Döwletiň ösüş meýilnamalaryny, Bankyň önümçilik we maliýe maksatlaryny amala aşyrmak işlerine gatnaşmak, global meseleleri çözmäge we döwletiň ykdysadyýetinde esasy orun eýelemäge ukyply häzirki zaman we giň gerimli ykdysady subýektiň emele gelmegi we netijeli işlemegi boýunça bir bitewi meselä birleşýär.
Bankyň ösüş gözýetimleriniň bu nazaryndan ugur alnyp, onuň gaýtadan gurulmagynyň we kämilleşdirilmeginiň has wajyp jähtleri emele getirilip, üýtgeşmeleriň we strategik maksatlaryň esasy ugurlarynda, operasion işjeňligini ösdürmekliginiň esasy ugurlarynda, işlemegi we ösüşi üpjün etmek boýunça meseleleriň jikme-jik beýan edilmeginde we işgärler babatyndaky syýasatda beýan edildi.

ÜÝTGEŞMELERIŇ ESASY UGURLARY WE ÝÖRELGELERI, BANKYŇ STRATEGIK MAKSATLARY

Üýtgeşmeleriň esasy ugurlary we ýörelgeleri

Meseläniň amala aşyrylmagy funksionirleme nusgasynyň düýpli gaýtadan gurulmagyny, hil taýdan täze tehnologik binýadyň emele getirilmegini, işgärleriň aň-düşünjesiniň üýtgedilmegini we täze dolandyryş hem höweslendiriji mehanizmleriň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Mu maksatlara ýetmek üçin soňky ösüş, ähli işjeňlik gurşawlaryna düýpgöter özgertmeleri talap edýän üç esasy özgerdiş ýörelgesine gönükdirilendir:

Sosial wajyplyk
1. Ýurduň ykdysadyýetiniň gurluş esaslaryny, milli aýratynlyklaryny we isleglerini göz öňünde tutmak bilen, “Rysgal” PTB ösüşi öz işjeňliginiň sosial wajyplygyna düşünmeklikden gözbaş alyp, ýerine ýetirer. Ýagny, Bank Türkmenistanda ýokary derejede ösen, häzirki zaman we ilatyň isleglerini doly kanagatlandyrýan maliýe bazarynyň emele getirilmegine okdurylar. Aýratyn üns maliýe bazarynyň maýa goýum düzüjisiniň ösüş meselelerinde berler. Şu maksat bilen, ýurduň pul dolanyşygyna ilatyň tygşytlan pullarynyň uly göwrümini çekip biljek ykdysadyýetiň subýektleri we bank gurluşlary bilen özara gatnaşyk mehanizmleri işleniler we ornaşdyrylar. Bu bolsa, öz gezeginde, tygşytlanan pullaryň saklanmagy we artdyrylmagy, gurluş taýdan ösen we oňaýly maýa goýum gurşawynyň döredilmegi üçin bähbitli şertleri döreder.

Sarp edijilere ugrukmak
2. Sarp edijä ugrukmak we şu manyda bankyň “hyzmat” gurluşyna öwrülmegi Bank ösüşiniň aýratyn möhüm aýratynlygy bolup durar. Bank ilatyň islegleriniň has uly göwrümini kanagatlandyrmaga we şeýlelikde sarp edijileriň islegleriniň her bir toplumyndan öz girdejisini artdyrmaga çalyşar. Munuň özi, sarp edijiler bilen özara gatnaşyklaryň hiliniň we çuňlugynyň, Bankyň bu aragatnaşyklaryň saklanmagyny we ösdürilmegini üpjün etjek ukyplarynyň we mümkinçilikleriniň özgerdiş maksatlaryny amala aşyrmakda wajyp esas boljakdygyny aňladýar. Amaly nukdaýnazardan Bank mundan beýläk hem önüm teklibiniň logikasy we içinde müşderilere hyzmat bermek wertikalynyň döredilmegi boýunça işiniň käbir düzüm böleklerini kämilleşdirmäge dowam eder.

«Senagat» esasyna geçmek
3. Bankyň ösüşini kämilleşdirmek ýolunyň durmuşa geçirilmegi prosessleri dolandyrmak ulgamynyň ýörelgeleriniň toplumlaýyn gaýtadan gurulmagyny we onuň häzirki zaman “senagat” esasynda geçirilmegini talap edýär. Dolandyryjylyk derejesiniň artdyrylmagyna, harajatlaryň peseldilmegine, hödürlenilýän hyzmatlaryň hiliniň gowulandyrylmagyna okdurylan ulgamyň we prosessleriň şeýle «senagatlaşdylymasy» netijede dürli görnüşli töwekgelçilikleri has netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berer. Senagat (awtomatlaşdyrylan) ulgamlaryň we prosessleriň gurulmagy işleriň dolandyryjylygy artdyryjy gural hökmünde pugtalandyrylmagyny, mundan başga hem, hakyky wagt düzgüninde işlemäge ukyply häzirki zaman elektron resminama dolanyşyk ulgamlarynyň gurulmagy arkaly maliýe ýagdaýyny bahalandyryş ulgamyny ornaşdyrmaklygy göz öňünde tutýar. Bu şert maglumat ulgamlarynyň esli derejede ösdürilmegini talap eder. Netijede, görülýän çäreler diňe bir operasiýalaryň geriminde hötde gelmäge däl-de, eýsem öz operasiýalaryň gerimini maksadyň amala aşyrylmagynyň esasy çeşmesi hökmünde goýmaga mümkinçilik berer.

Strategiki maksatlar

Ösüş konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy Banka ýurduň ykdysady prosesslerine täsirini ýetirmeklige, global, ýokary derejeli we uniwersal ykdysadyýet subýektlerine laýyk bolan maliýe we operasion görkezijileri gazanmaklyga mümkinçilik berer. Strategiýanyň çäklerinde Bank öňünde dört esasy ugur boýunça maksatlary goýýar:
1. Maliýe netijeler: operasion harajatlaryň sap operasion girdejä bolan gatnaşygynyň hil taýdan peseldilmeginde girdeji göwrüminiň 2020-nji ýyla çenli ---- esseden hem gowrak artdyrylmagy. Bu şert kapitalyň düşewüntliligini 20%-den az bolmadyk derejede saklamaga mümkinçilik berer.
2. Maýa goýum düzüjisi: işjeň operasiýalaryň maýa goýum düzüjisiniň 50% çenli galdyrylmagy. Bu babatda, hem fiziki, hem korporatiw müşderileriň serişdeleriniň çekilmegi bilen, giň önüm hatarynyň ornaşdyrylmagy.
3. Ösüşiň hil görkezijileri: müşderiler bilen işlemekligiň iň gowy ukyplary, teklip edilýän önüm hatarynyň hili boýunça öňdebaryjylyk, töwekgelçilikleri dolandyrmagyň häzirki zaman ulgamy, iň gowy dünýä analoglaryna laýyk gelýän dolandyryş we operasion prosessler we ulgamlar, talaplara we işjeňligiň gerimine laýyk gelýän IT-platforma, öz-özüni kämilleşdirmeklige we zähmetiň önümliligiň artdyrylmagyna gönükdirilen edara medeniýeti, işine gyzygan hünärmen işgärler, ýeňillik bilen tanalýan «oňaýly» bellik, ýokary derejeli ilat ynamy.
4. Häzirki zaman maliýe bazary: kada-kanun binýadynyň, maliýe bazarynyň ähli subýektleri üçin oňaýly şertleri dörediji, dünýä bazarynyň dinamikasyna we ilatyň zerurlyklaryna tiz seslenmäge mümkinçilik berýän kadalaşdyrma mehanizmleriniň işlenilip düzülmegi we ornaşdyrylmagy.

Goýlan maksatlaryň üstünlikli gazanylmagy maliýe bazaryň umumy ösüşine, Bankyň bazar kapitallaşmasyna we onuň ýurduň öňdebaryjy edaralaryň hataryna goşulmagyna ýardam eder.

FUNKSIONAL IŞI ÖSDÜRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY

Bazar düzgünleşdirilişiniň meseleleri
Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň emele gelmeginiň dowamynda kemala gelmek bilen, maliýe bazarynyň döwlet düzgünleşdirilişiniň ulgamy daşky we içki ýagdaýlarynyň eýeçilik etmegiň şertlerine mümkin bolan täsir etmegini deňleşdirmek, şeýle-de deň ölçegli ösüşi üpjün etmek maksady bilen döwletiň bazaryň hereket etmegine täsir ediş ýörelgeleriniň, çemeleşmeleriniň, usullarynyň, serişdeleriniň we görnüşleriniň jeminden ybarat bolup durýar. Umuman, şu tapgyrda maliýe bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişiniň ähmiýeti dürli eýeçilik görnüşli subýektleriň milli maliýe bazarynyň ösmek we kämilleşmek proseslerine has işjeň gatnaşmagyna gönükdirilen ykdysady taýdan esaslandyrylan we yzygiderli syýasat tarapyndan kesgitlener. Ykdysady ösüşiň şu tapgyrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdiriliş dolandyryş, şeýle-de bazar usullary arkaly amala aşyrylar.
Bank özüniň şu proseslere gatnaşmagynyň has wajyp we ähmiýetli ugurlary (elementleri) hökmünde şu aşakdakylary belleýär: makro ykdysady ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek; deň hukuk gurşawyny döretmek ugrundaky iş; ykdysady işi düzgünleşdirmek; durmuş gymmatlyklaryny ýerlemek. Şu ugurlar iň soňunda ýurduň maliýe bazarynyň ähli subýektleri üçin hereket etmegiň has ýerlikli şertlerini döretjek meseleler bilen esaslandyrylar:
- Bankyň ösüşiniň strategik wezipelerini döwletiň maýa goýum syýasatyna laýyk getirmek;
- bank prosesleriniň häzirki zaman, ykdysady taýdan esaslandyrylan we hukuk taýdan takyk reglamentasiýasyny (düzgünini) işläp düzmek we ornaşdyrmaga hödürlemek;
- maliýe bazarynda amallary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy binýady kämilleşdirmek we öwrenmek arkaly bazaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak;
- hususy telekeçiligi goldaýan pugta oýlanyşykly we öz wagtynda hödürlenýän maksatnamalary durmuşa geçirmek.

Maýa goýum düzüm böleginiň meseleleri
Kapitalyň maýa goýum goşundysynyň häzirki zaman we ösen bazarynyň emele gelşine ýardam etmek Bankyň möhüm düzüm wezipeleriniň biri bolup durýar.
Bankyň öz işinde ugur aljak durmuş ähmiýetliligiň we sarp edijä gönükdirilenlik ýörelgeleri maýa goýumlaryň häzirki zaman, has çaltlaşdyrylan mehanizmlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň we işläp düzmegiň ýa-da ykdysady proseslere gatnaşyjylaryň kapitalynyň goşundysynyň oýbektleriniň zerurlygyny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda azyk önümleriniň hataryny köpeltmeklik ýurduň bank ulgamyna ep-esli goşmaça pul serişdelerini çekmäge ýardam eder. Şunuň bilen birlikde halkara pul bazarynda bar bolan durnuksyzlykda bazar ösüşinde şeýle çemeleşme kiçi bolmadyk ähtimallyk bilen tygşytlanan pullardan has kämil maýa goýum mehanizmlerine gaýtmagyna getirer, bu bolsa ahyrynda milli puluň satyn alyjylyk ukybyna we ş.m. oňaýly täsir etmeli.
Maýa goýmagyň bir usuly - tokga altynlary satyn almaklykdyr . Maýa goýujy söwdanyň, materialyň saklanyş usulyny we tokgalaryň ölçegini özi saýlap bilerdi. Gymmat bahaly demirlerden ýasalan teňňeleri satyn almaklyk. Ondan başga-da, guýma ýa-da maýa goýum teňňelere edilýän goýumlar netijeli görünýär. Olaryň bazar bahasy altynyň gymmatynyň bahasyndan, şeýle hem teňňäniň agramyna baglylykda üýtgedilýän basyp çykarma we ýaýratmak boýunça çykdajylary ýapmak üçin gidýän uly bolmadyk (adatça 4-8%-den köp däl) baýrakdan emele getirilýär. Köp ýurtlarda maýa goýum teňňelerini satyn almaklyk GBS salmadan boşadylandyr.
Altyn bilen üpjün edilen gymmatly kagyzlar.
Ýurtda gazna bazarlaryny emele getirmeklik boýunça başlangyçlar başlanan döwürde maýa goýmagyň öndürijilikli gurallarynyň biri bolup, şeýle hem fiziki demiri satyn almagyň saýlamy bolup, altyn bilen üpjün edilen gymmatly kagyzlar çykyş edip bilerdi.
Mehanizmi işläp düzmek we içerki bazara gatnaşyjylaryň kapitalynyň halkara bazarlaryna, gazna we pul meýdançalaryna çykmak üçin şertleri döretmek. Şu ugur geljegi bar bolan ugur hökmünde görünýär, çünki ol umuman bank ulgamynyň ösüşiniň indiki tapgyry bolup durýar. Işiň geografiýasyny giňeltmeklik, halkara proseslere girmegiň çuňlugy uzak bolmadyk gelejekde global möçberde ol ýa beýleki wakalara we meýillere deň täsir etmegiň mehanizmlerini emele getirmäge ýardam eder.

Önümçilik ulgamynyň meseleleri

Bankyň işinden gelýän girdejiler öz tebigaty boýunça dürli çeşmeleriň toplumy bolup durýar. Şu şertlerde töwekgelçilikleri dolandyrmagyň elementleriniň biri Bankyň işiniň oýlanyşyly sazlaşygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem üýtgewsiz, ykdysady taýdan durnukly hem-de içeri we daşary bazarlarda üýtgeýän ýagdaýa dessine täsir etmäge ukyply ykdysadyýetiň subýektlerini döretmek maksady bilen, Bank öz öňünde has ýokary goşmaça bahaly önümleriň tekliplerini artdyrmak boýunça meseläni goýýar.
Goýlan meseleler iň täze tehnologiýalary ulanmak bilen häzirki zaman derejesinde önümçilik prosesini tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak arkaly çözüler. Bu täze häzirki zaman önümlerini döretmegiň hasabyna aktiwleriň täze neslini emele getirmeklik göz öňünde tutýar. Şu ýolda önümçilik-tehnologik derejäniň, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerini işläp geçjek bilermen ylmy toparynyň düzülmegi örän ähmiýetli bolmaly.
Ösüşiň häzirki zaman meýilleri ilatyň talaplaryny we artyk görýän zatlaryny operatiw kabul etmekligi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda Bankyň işi dünýä maliýe bazaryndaky meýillere we täzeliklere gabat gelýän tehnologik prosesi emele getirmeklige gönükdiriler. Şu meselede bank ulgamynyň tehnologik proseslerine täzelikleri ornaşdyrmagyň depgini öz uly netijeliligini görkezen Hindistan, Hytaý, Türkiýe ýaly we beýleki ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna we tejribesini öwrenmeklige aýratyn ähmiýet berilýär.


ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEGIŇ MESELERI

Guramaçylyk düzüminiň meseleleri
Bankyň ösüş strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň, netijeli işlemeginiň möhüm şerti hökmünde häzirki talaplara adekwat bolan prosesleri dolandyrmak ulgamynyň we guramaçylyk düzüminiň emele getirilmegi bolmalydyr. Esasy üýtgeşmeler işiň anyk ugurlary we bloklaryň çäklerinde saklaýan funksiýalary, şeýle-de Bankyň tutuş düzüm boýunça degişli dik çyzyklaryň emele getirilmegi üçin jogapkärçiligiň aýdyň formalizasiýasyna gönükdiriler.
Funksional işiň bar bolan ugurlaryny ösdürmeklik, täze ugurlaryny ornaşdyrmaklyk Bankyň dürli şahamçalarynyň netijeli özara gatnaşygyny üpjün etjek dolandyryş mehanizmleriniň emele getirilmegini talap eder. Ilatyň isleglerine bolan bitewi garaýyşy emele getirmek, funksional işi durmuşa geçirmeklige degişli bolan toplumlaýyn çemeleşmäni amala aşyrmak maksady bilen, Bankyň bar bolan guramaçylyk düzümi üýtgediler we hyzmatlary sarp edýänleriň esasy toparlarynyň ileri tutýan zatlaryna laýyklykda azyk önümleriniň hataryny ösdürmäge we giňeltmäge gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda Bankyň düzüminde işiň strategiýasyny kesgitlejek we müşderileriň degişli toparlary boýunça maliýe netijä jogapkärçilik çekjek bölümçe hereket eder. Şu toparlar diňe almaklygy bilýän häsiýetleri we bazardaky meýilleri hemme taraplaýyn seljermegiň esasynda kesgitlener.
Netijede alyjylar dik çyzygy bölümiň ösmeginiň fonunda jogapkärçilik ulgamyna azyk önümleriň hatary girýän bölüm saklaýjy orny eýelemelidir.
Mysal üçin, statistiki seljermäniň esasynda müşderileriň şu indiki toparlary we olaryň umumy möçberde paýy kesgitlenilýär: maýa goýujy; kiçi we orta telekeçilik; fiziki görnüşli taraplar we telekeçiler; we ş.m. Saklaýjy funksiýa şol dürli toparlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin azyk önümleriniň hataryny düzmekden ybarat bolar.
Işi guramakda şeýle çemeleşme maliýe we bazar töwekgelçiliklerini has netijeli dolandyrmaklyga ýardam edýär. Şeýle töwekgelçilikler bäsdeş ýagdaýyň şertlerinde ýüze çykýar, şonuň üçin Bankyň guramaçylyk düzüminiň üýtgedilmegi esasynda ykdysady taýdan esaslandyrylan nyrh syýasaty, ykdysady kapitalyň hasaba alnyşy we paýlanyşy ýatan çeşmeleri dolandyrmagyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Prosesleri dolandyrmagyň meseleleri

Şu ugurda barlag mehanizmlerini kämilleşdirmäge aýratyn ünsi bermeklik göz öňünde tutulýar. Şu işiň esasynda mümkin bolan ýitgileriň has doly tükelleşmesi, olaryň göz öňünde tutulýan ykdysady netijelerine baha bermeklik, olaryň öňüni almak boýunça çäreleriň ykdysady netijeliliginiň seljermesi ýatar.
Işiň netijesinde şu ugurda Bankyň umuman we onuň aýratyn şahamçalarynyň dolandyrylyşynyň we netijeliliginiň hiliniň birden ýokarlanmagyny üpjün etmäge ýardam etjek häzirki zaman, netijeli, işiň ölçeglerine deň guramaçylyk-dolandyryş ulgamy emele getiriler.
Jogapkärçiligi iň gowy görnüşde paýlamaklygy we başlangyçlar durmuşa geçirilende şahamçalaryň her biriniň ornuna kesgitli düşünmekligi üpjün etmek üçin meýilnamalaryň kaskady emele getiriler. Onda durmuşa geçirmegiň umumy meýilnamasy her şahamçanyň derejesine çenli jikme-jik aýdyňlaşdyrylar, bu bolsa strategiýanyň durmuşa geçirilişine gatnaşýanlaryň hereketlerini sazlamaga we Bank üçin umumy merkezleşdirilen çäreleri we başlangyçlary bellemäge ýardam eder.
Strategiýa durmuşa geçirilende strategiýany durmuşa geçirmegiň köp derejeli monitoring ulgamy we oňa degişli barlag görkezijileriniň ulgamy ulanylar. Birinji derejede (Bankyň ýolbaşçylary tarapyndan edilýän barlag üçin) ähli esasy funksional ulgamlar boýunça umumylaşdyrýan görkezijiler, ýagny karzlar, hasaplaşyk funksiýalary, tehnologik önümler, umuman aktiwleri dolandyrmaklyk, maglumat tehnologiýalary, hereket ediş nusgasy, umumy maliýe görkezijileri ornaşdyrylar. Ondan başga hem geçirilýän ölçegleriň ornaşdyrylmagynyň we netijeliliginiň anyk möhletlerine gözegçilik ediler.
Şahamçalaryň ýolbaşçylarynyň ikinji derejesi üçin görkezijileriň sanawy sebitleýin düzümiň, müşderiler toparlaryna hyzmat etmegiň toplumlaýyn görkezijileriniň, maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň maliýe we beýleki görkezijileriniň hasabyna giňeldiler. Şu derejede ýolbaşçylar öz işiniň ugurlary boýunça has jikme-jik görkezijilere jogapkärçilik çeker.

Işgärler bilen işlemegiň meseleleri
Işiň proseslerinde we guralyşynda meýilleşdirilýän üýtgeşmeler Bankyň öz işgärlerine bildirýän talaplaryna düýpli täsirini ýetirer. Bu bölümçeleriň ýokary hünärli işgärlere bolan talabynyň artmagyna, işgärleriň hünäriniň çuňlaşmagyna we bölümçeleriň arasyndaky funksiýalaryň gaýtadan paýlanmagyna getirer. Aýratyn hem Banka (hususan hem azyk önümleriniň hatarynyň giňemegi bilen baglylykda) şahsy hyzmat etmegiň ýörite bilimlerini, endiklerini we medeniýetini bilýän işgärleriň köp sany gerek bolar.
Bankyň dürli derejeli ýolbaşçylarynyň dolandyryş endiklerine bildirýän talaplarynyň güýçlenmegi şu prosesiň beýleki nukdaýnazary bolar. Okatmagy, hünär taýdan ösmekligi, endikleri ösdürmekligi we öz-özüňi kämilleşdirmeklikligi öz içine alýan adamzat çeşmelerini dolandyrmagyň häzirki zaman ulgamyny döretmeklik esasy wezipe bolup durýar. Munuň üçin işgärleriň kärini meýilleşdirmegiň we hünär taýdan ösdürmegiň, wezipesini üýtgetmegiň we işgärleriň kuwwatyny dolandyrmagyň netijeli ulgamlary gurlar. Bu işgärlere baha bermek ulgamynyň düýpli ösmegini we Bankyň işinde işgärler gulluklarynyň ähmiýetini artdyrmaklygy talap eder. Netijede Bank öz işgärlerine özüni açyk görkezmek üçin, olaryň bilimlerini we tejribesini aňrybaş ulanmak, öz hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin mümkinçiligi üpjün eder.
Bank işgärleri okatmak ulgamyny ösdürer. Munuň üçi toplumlaýyn, ähli zady öz içine alýan we tehniki taýdan enjamlaşdyrylan köpçülikleýin distansion bilim bermekligi ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Okuw maksatnamasynyň üsti diňe bir tehniki, hünär däl, eýsem özüňi alyp baryş endikleriň ösdürilmegini üpjün edýän okuwlar bilen ýetiriler. Köpçülikleýin okamak ulgamyndan başga içerki çeşmeleriň esasynda, şeýle hem halkara tejribäni ulanmak bilen (öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerini çekmek, daşary ýurt kompaniýalarynda tejribelik geçmek) dürli derejeli ýolbaşçylary okatmagyň we hünär taýdan ösdürmegiň amala aşyrylýan ulgamy düýpli ösüşe eýe bolar.
Strategiýanyň ornaşdyrylmagy Bank işiniň ähli ugurlaryny diýen ýaly gozgaýan uly özgertmeleri talap edýär: funksional işi ösdürmek, çeşmeleri seljermek we dolandyrmak ulgamyny, maglumat tehnologiýalaryny, prosesleri dolandyrmagyň ulgamyny.
Strategiýanyň toplumlaýyn ornaşdyrylmagy hödürlenýän başlangyçlardan aňrybaş sinergetik täsiri almaklyga ýardam eder we hemme taraplaýyn baha bermegi we täzelikleriň netijelerini barlamaklygy talap edýän çylşyrymly irnik mesele bolup durýar. Munuň üçin faktor we ssenariý seljermesi ulanylar, bu bolsa Bankyň ösüşiniň maksatlaýyn ölçegleriniň nusgalaryny taýýarlamaga we düzgünleşdirmäge ýardam eder, dünýä makro ykdysady görkezijileriniň güýçli üýtgäp durmaklyga we bazar ýagdaýynyň üýtgemek şertlerinde strategiýany girizmegiň maýyşgak monitoring ulgamyny döreder.

Bankyň strategiýasy onuň ägirt uly mümkinçiliklerini ösdürmäge hem-de içerki bazary we halkara maliýe ulgamyny hödürleýän ajaýyp mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilýär. Strategiýany durmuşa geçirmek - bu häzirki zaman institutyny döretmek üçin taryhy mümkinçilikdir. Onuň bilen diňe bir işgärler däl, eýsem tutuş ýurt buýsanyp bilerdi. Ykdysadyýetiň depginli ösýän we ygtybarly subýekti bolmagyna galyp, Bank öz ösüşine tarap indiki ädimi etmeli we täze, häzirki zaman we gülläp ösýän Türkmenistanda iň gowularyň biri bolmaly.