002076 - шаблон joomla Оригами

Strategiki wezipeleri

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdymyzyň durmuş we ykdysady ösüşinde başyny başlan giň gerimli özgertmeleri, şeýle hem dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän taryhy wakalar milli bank ulgamynyň işi üçin hil taýdan täze şertleri we talaplary kesgitledi. 

“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky kabul edilen ösüş konsepsiýanyň çäklerinde goýlan wezipeleri doly derejede çözmek bilen, köptaraply täjirçilik banky boldy, hem-de esaslandyrylan wagtyndan bäri geçen ýyllaryň içinde ençeme görkezijiler boýunça ýurdyň maliýe guramalarynyň arasynda öz mynasyp ornuny eýeledi.
Milli maliýe ulgamynyň ynamlylygyny we netijeliligini gazanmak ugrundaky döwlet syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini göz öňünde tutup, Bank ýurdyň ykdysady ösüşiniň gidişine bütinleý ýardam edýän, jemgyýetçiligiň häzirki talaplaryny kanagatlandyrýan, dürli bank hyzmatlaryna bolan hakyky islegleriniň üýtgemegine taýýar bolan iş usullaryny ornaşdyrmaga çalyşýar.
Şu maksatlara üstünlikli ýetmek üçin bankyň içinde iň amatly iş şertlerini döretmek ugrunda gerekli çäreler görüldi. Öz gezeginde bu çäreler müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, hem-de aktiw amallarynyň görnüşlerini giňeltmäge we olary kämilleşdirmäge mümkiçilik döretdi. “Rysgal” PTB öz işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerinde uly üstünlikleri gazanmagy başardy. Bankyň ýokary durnuklylyk we ynamlylyk derejesine şaýatlyk edýän balans gurluşy düzüldi, girdeýjiler ep-esli artdyryldy, müşderileriň sany köpeldi we Bankyň işleriniň ähli ugurlaryny dolandyrmak ulgamy kämilleşdirildi.
“Rysgal” PTB-ny ösdürmek mümkinçilikleri mundan beýläk hem esasan dowam edýän maliýe serişdelerini ýurtda toplamak, önümçiligi ýokarlandyrmak, orta möhletleýin geljekde iň çalt kämilleşýän ugurlaryň biri boljak maliýe we haryt bazarlaryny ösdürmek ýagdaýlary bilen kesgitlener.
Halkara maliýe bazarlaryndaky durnuksyzlygyň netijeleri göz öňünde tutulanda-da ýurduň içerki bazar durnukly ösüş depginleri we örän giň möçberler bilen tapawutlanar.

Bankyň döwlet ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işlerine gatnaşmagy, şeýle hem onuň önümçilik we maliýe maksatlary geljekde döwrebap we giň gerimli ykdysady guramany gurmak we netijeli işletmek bilen bagly üç birlikden durýan wezipä jemlener.

“Rysgal” PTB-yň ösdürilmeginiň şu nukdaýnazaryndan ugur alnyp, onuň iň ähmiýetli iş ugurlary aşakdakylara esaslanar:

  • - Bankyň maliýe görkezijileriniň okgunly ösüşine itergi berjek balansyň düzümini guramak;
  • - aktiw amallarynyň girdejililigini ýokarlandyrmak we karz portfeliniň hilini gowulandyrmak;
  • - amallaryň dolandyryş gurluşyny kämilleşdirmek;
  • - Bankyň ynamlylygy we durnuklylygy üçin töwekgelçilikleriň dolandyrylmagyny tertibe salmak;
  • - hödürlenýän hyzmatlary we önümleri mundan beýläk hem ýokary innowasion derejede ösdürmek.

Şu meseleleriň toplumlaýyn çözülmegi hödürlenýän başlangyçlardan iň ýokary jemlenen netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer. Bank strategiki wezipeleri durmuşa geçirmek üçin serişdelere wagtly-wagtynda baha berer. Munuň üçin sebäpler we ýagdaýlar derňeler. Bu bolsa Bankyň maksatly ösüşiniň ähli taraplaryny düzmek we düzgüne salmak üçin mümkinçilik berer, dünýäde makro-ykdysady görkezijileriň we içerki bazarda ýagdaýyň ütgeýän şertlerinde ösüşiň gidişine çeýe gözegçilik ulgamyny döreder.
Bankyň strategiki wezipeleri içerki bazar bilen halkara maliýe ulgamy tarapyndan hödürlenýän onuň örän uly kuwwatyny ösdürmeklige we ýeke-täk mümkinçiliklerini iş ýüzüne geçirmeklige gönükdirilendir. Strategiýany durmuşa geçirmek diňe işgärleri däl-de, eýsem bütin ýurt buýsanyp biljek döwrebap guramany döretmek taryhy mümkinçiligi berer. Ykdysadyýetiň üstünlikli ösýän we ynamly guramasy bolmak bilen, Bank öz ösüş ýolunda geljege ynamly gadam basyp, täze, häzirki zaman we gülläp ösýän Türkmenistanda iň gowylaryň biri bolar.