002076 - шаблон joomla Оригами

PTB "Rysgal"

Biz geljegi Siziň bilen döredýäris!

ARAGATNAŞYK AÇARSYŇYZ BIZ!

+(99312) 227388

Bankyň taryhy

Garaşsyz Watanymyzyň berkarar bolan ilkinji gününden başlap, ähli babatlarda ýokary ösüşleri gazanýan ýaş özbaşdak kemala gelen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda boluşy ýaly maliýe ulgamynda hem öňdebaryjy usulyýetleri peýdalanyp ägirt uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümçilik pudaklaryny zerur maliýe-karz gurallary arkaly ösdürmek ugrunda iş alyp barýan bank guramalarynyň arasynda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna ýörite orun berilýär. Döredilşi boýunça ýurdumyzyň hususy eýeçilikdäki kärhanalarydyr-ýekebara telekeçilerini goldamaga, döwrebap we ýokary öndürijilikli tilsimatlary ulanyp gurulýan maýa goýum taslamalaryny maliýe taýdan goldamaga niýetlenen bankymyz sanlyja ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmatdaş karz edarasy hökmünde abraý gazandy. Bankymyz nagt däl amallary geçirmek, karzlaşdyrmak, bank kepilliklerini bermek, daşary söwda amallarynyň ygtybarlygyny artdyrmak babatda halkara maliýe-karz edaralarynyň kepilliklerini bermekde araçyllyk ugrunda öz hyzmatlaryny hödürleýär. Bank, ýurdumyzyň “Altyn Asyr” hasaplaşyk ulgamynyň agzasy bolmak bilen raýatlarymyza elektron bank kartlary we olar bilen baglanşykly nagt däl amallaryny geçirmek çygrynda öz hyzmatlaryny hödürleýär. Ýurdumyzda hususy sektoryň kärhanalaryny ýeňillikli karzlar bilen üpjün etmekde “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň Hökümetiniň ýörite maksatly maýa goýum maksatnamalaryny maliýeleşdirmekde, maliýe dellaly hökmünde bankymyz tarapyndan ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegine öwrülen iri önümçilik-durmuş maksatly taslamalary karzlaşdyryldy. Ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak, halkara maliýe-karz jemgyýetiniň mynasyp agzasy bolmak ugrunda bankymyz halkara guramalar bilen ysnyşykly işleri alyp barýar. Halkara tejribe alyş-çalyş taslamalaryň çäginde bankymyzyň hünärmenleri dünýäniň ösen maliýe merkezlerinde iş saparynda bolup, gazanan bilimlerini gündelik işlerinde giňden peýdalanmak, gündelik işlerinde innowasion çemeleşmeleri giňden peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň dürdäne paýhasyndan kemala gelýän ýurt ähmiýetli ykdysady syýasatyny özüne ýörelge edinen “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky “Siz bilen bilelikde gelejegi gurýar”.