002076 - шаблон joomla Оригами

PTB "Rysgal"

Biz geljegi Siziň bilen döredýäris!

ARAGATNAŞYK AÇARSYŇYZ BIZ!

+(99312) 227388

Biziň müşderilerimiz

Türkmenistanyň bank ulgamynyň ösüşi döwletimiziň Berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen

“2011-2030-nji ýyllar döwründe bank ulgamynyň ösüşiniň döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzda täze üstünlikleriň ýurduň karz guramalarynyň işine girizmek, modernizasiýa, kämilleşdirmek boýunça giň göwrümli işler geçirilýar.
“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankynyň ýurduň telekeçileri tarapyndan 2011-nji ýylda açyk görnüşindäki paýdarlar jemgyýeti görnüşinde esaslandyrylmagy bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň kabul edilen pursatyndan iň wajyp wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň esasynda “Rysgal” banky milli ykdysadyýet pudaklarynyň giň zolagyny göz öňünde tutýan kärhanalaryň dürli eýeçilik görnüşleriniň, telekeçiligiň kiçi we orta sektorlaryna we aýry müşderilerine hyzmatyny amala aşyrýar.
Esaslandyrylan döwründen bankyň öňünde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk böleginiň ösüşine höwes döredilmegi boýunça jogapkärçilikli mesele dur. Munyň bilen baglylykda bankyň esasy meselesi bolup bankyň müşderileriniň iş başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşmagynyň üsti bilen ýurduň maddy hal ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýokary netijeli bank önümleriniň we hyzmatlarynyň uly böleginiň berilmeginiň üsti bilen kiçi we orta telekeçiligiň böleginiň ösüşiniň her taraplaýyn goldawy bolup durýar.
Bankyň işinde möhüm ýagdaýlaryň biri Türkmenistanyň Çuňňur hormatlanýan Prezidentiniň hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak barada permanlaryna laýyklykda hususyýetçiligiň ösüşine gönükdirmek üçin uly möçberdäki serişdeleriň bölünip berilmegi bolup durýar.
Berilýan serişdeleriň hasabyna bankymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýan söwda-dynç alyş merkezleriniň we beýleýki medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalaryň we kotej jaýlarynyň gurluşygy, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maldarçylyk, balykçylyk we guşçulyk hojalyklarynyň gurluşygy ýaly iri inwestisiýa taslamalarynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirildi.
“Rysgal” banky kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini goldamak baradaky döwlet maksatnamalarynyň işjeň gatnaşyjysy bolup durýar. Bankyň maliýeleşdirilmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, oba hojalyk öndürijileriniň, kärendeçileriň we beýlekileriň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oba hojalyk önüminiň öndürijilerine maliýe goldawy baradaky” Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň ýeňillikli karz berme maksatnamasy esasynda karz berilmegi bolup durýar.
Bank tarapyndan amala aşyrylýan ýeňillikli karz bermäniň täze görnüşine oba hojalyk önüminiň önümçiligi we işlenilip taýýarlanmagy, hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi bilen guşçulygyň we maldarçylygyň ösüşi bilen bagly bolan inwestisiýa oba hojalyk taslamalarynyň maliýeleşdirilmegi, şeýle-de ýylda 5 göterim bilen 10 ýyl möhlete esasy serişdeleriň we emläkleriň satyn alynmagy hem degişli.
Telekeçiligi ösdürmek we bank hyzmatlarynyň bazarynda görnüşlerini berkitmek maksady bilen, bank täze telekeçileriň goldalmagyna gönükdirilen täze karz önümleriniň girizilmegine goýum edýär. “Rysgal” banky tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we işjeň amala aşyrylan üstünlikli karz maksatnamalarynyň biri “Karz-girew-hukuk” maksatnamasy bolup durýar. Bu karz ugry telekeçiligiň işlemeginiň başlangyç tapgyrynda maliýe serişdeleriniň zerurlygyny başdan geçirýän ýaş telekeçileriň goldalmagyna gönükdirilendir.
Türkmen halyçylygynyň milli däplerini goldap, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bank tarapyndan göwrümi ýylda 800 000 inedördül metr haly önümini öndürýän Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda iri haly kärhanasynyň gurluşygy boýunça “Abadan haly” açyk görnüşindäki paýdarlar jemgyýetiniň maýa goýum taslamasy maliýeleşdirildi.
Bank tarapyndan maliýeleşdirilýän ýene-de bir iri maýa goýum taslamasy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Hazar deňziniň kenarynda balyklaryň tirana tohumlarynyň ösdürilmegi we olaryň işlenilip taýýarlanmagy boýunça senagat kärhanasynyň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegi bolup durýar.
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň çalt ösýän banklarynyň biri bolup durýar. Bank ýurduň maliýe bazarynda ygtybarly bäsdeş bolmaga ukyply hyzmatdaş hökmünde ynamly orny eýeleýar. Bu görkeziji bank tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatyň ýokary hillidigini görkezýän bankyň işiniň netijeliligini häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň biri bolup durýar.
Işiň soňraky kämilleşmegi “Rysgal” bankynyň ösüşiniň baş ýörelgesi bolup durýar. Bellenilen baş ýörelgäniň gysga möhletleýin maksatlary öz içine: ilata bank hyzmatlarynyň köpelmegi we olaryň hiliniň ýokarlanmagy, bankyň işine döwrebap dünýä tejribesiniň we täze tehnologiýalaryň girizilmegi, bank töleg kartlarynyň we nagt däl hasaplaşyklaryň girizilmegi we giňden peýdalanylmagy, kiçi we orta telekeçiligiň, korporatiw müşderileriň we şahsyýetleriň kärhanalary üçin berilýän karzlaryň gurluşlarynyň kämilleşdirilmegi arkaly karz serişdeleriniň has netijeli peýdalanylmagynyň üpjün edilmegi, söwda ekwaýring, zähmet haky taslamasy, faktoring, lizing amallarynyň giňelmegi we beýlekiler girýärler.
Ýokarda agzalan çäreleriň amala aşyrylmagy bankyň işiniň netijeliliginiň has-da ýokarlanmagyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak maksady bilen öňde baryjy ykdysady özgertmeleriň maksatnamasynyň amala aşmagyna goşant goşmaga kömek eder.

 

Şu günki-gün, her bir Müşderä aýratyn hyzmat etmek şertlerinde, bank önümleriniň we hyzmatlarynyň giň göwrümini Size teklip etmeklige biz taýýar. Diňe Müşderi bilen bankyň arasyndaky gatnaşykda döreýän ygtybarlylyk we durnuklylyk öňde goýulan maksatlara ýetirýär. Şonuň üçin hem, ikitaraplaýyn ösüşe hem pajarlama getirip biljek, Siz bilen uzak möhletleýin, ygtybarly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň boljakdygyna ynanýarys.


“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky - Biz gelejegi Siziň bilen gurýarys!